NASA-nyň marsohody Marsdaky ilkinji jikme-jik howa maglumatyny iberdi

  • 26.01.2023 15:55
  • 26k+

Amerikanyň aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek boýunça NASA müdirligi Gyzyl planetada Perseverance (Tutanýerlilik) marsohodynyň gazananlary baradaky habary paýlaşdy.

NASA-nyň Perseverance marsohody ilkinji jikme-jik howa hasabatyny berdi.
Rover dürli howa datçikleri bilen üpjün edilen, olara bilelikde MEDA (Marsyň daşky gurşawynyň dinamikasynyň seljerijisi) diýilýär. Alymlar taslamanyň ilkinji 250 solunyň (Mars günleriniň hersi Ýeriňkiden 40 minut uzyn) howa baradaky MEDA hasabatyny çap etdiler. Netijeler Gyzyl planetanyň üstünde haýran galaýmaly dinamiki atmosferany suratlandyrýar.
Madriddäki Astrobiologiýa merkeziniň Hose Antonio Rodriges-Manfrediniň ýolbaşçylygyndaky ispan alymlary tarapyndan döredilen MEDA dik temperatura profilini döretmek üçin dört dürli belentlikde Mars howasynyň temperaturasyny yzygiderli ölçeýän, iligiň ululygyndaky bäş datçigi öz içine alýar; ýel tizliginiň iki datçigi; we radiasiýany, tozany, çyglylygy we atmosferanyň basyşyny ölçemek üçin goşmaça datçikler.
Perseverance Ýezero kraterindäki howanyň ortaça temperaturasynyň -55°C-ny, ýöne onuň -50 ° C-dan -60 ° C-a çenli aralykda üýtgäp biljekdigini kesgitledi. Atmosfera basyşy hem gündelik, hem möwsümleýin üýtgäp durýardy.
Şemal barada aýdylanda bolsa, günortanlar tizligi sekuntda  25 m-e ýetýän günorta-gündogardan öwüsýän güýçli ýeller bolýar, öýlänligine bolsa bolsa tizligi sekuntda 7 m-e ýetýän gowşak şemally, gije ýeliň ugry üýtgeýär we ýerli wagt bilen irden sagat 4-den 6-a çenli asla ýel ýok.


11.06.2026 10:55
1.7k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....