BMW 50th Anniversary Edition ýörite modifikasiýaly BMW-niň 5-nji seriýasyny hödürledi

  • 25.01.2023 13:12
  • 11k+

BMW kompaniýasy Ýaponiýada BMW-niň 5-nji seriýasynyň 50 ýyllygyna bagyşlanan 50th Anniversary Edition-iň ýubileý modifikasiýasyny hödürledi. Bu çykyş BMW 523d xDrive, 530e we 523d xDrive Touring üçin elýeterli bolar.

50th Anniversary Edition  awtoulaglary ýörite at ýazgylary, kuzowynyň dok gök reňki, açyk reňkli deriden salony, iki tonly bäş çişli 20 dýuýmlyk diskleri we iň köp opsiýa toplumy bilen tapawutlanýar.
Tehniki nukdaýnazaryndan adaty ulaglardan tapawudy ýok. BMW 523d xDrive  50th Anniversary Edition sekiz tizlikli awtomat we doly prowod bilen sazlaşykda 2 litrlik 190 at güýji bolan turbodizele eýe boldy we BMW 530e bolsa 292 at güýjüne deň bolan 2 litrlik benzin turbomotoryna esaslanýan gibrid güýç gurluşyny aldy. 
BMW 523d xDrive  50th Anniversary Edition-iň Ýaponiýada teklip edilýän bölek satuw bahasy 72,7 müň dollar, BMW 530e 50th Anniversary Edition-iň bahasy 74,7 müň dollar, BMW 523d xDrive Touring 50th Anniversary Edition-iň bahasy 75,6 müň dollar.
Ýapon salonlarynda eýýäm awtoulagy sargyt edip bolýar.


18.06.2026 10:58
3.8k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
13k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......