Raşid Meredow Daşkentde Özbegistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 25.01.2023 02:50
  • 18k+

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Duşuşyk türkmen wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 26-njy mejlisiniň çäklerinde Daşkentde geçirildi diýip, özbek Lideriniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, şol sanda ykdysadyýet, söwda, senagat, energetika, ulag we logistika ulgamlarynda, sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde we medeni-ynsanperwer alyş-çalyş etmekde meseleleri maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde birnäçe bilelikdäki çäreler geçiriler — Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi, Suw hojalyk meseleleri boýunça Bilelikdäki toparyň mejlisi, Daşary işler ministrlikleriň arasyndaky syýasy geňeşmeler, medeni we beýleki çäreler bar.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:54
4.2k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....