Aşgabatda «Euronews» teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

  • 24.01.2023 08:09
  • 11k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa boýunça Döwlet komitetinde Aşgabada iş sapary bilen gelen «Euronews» teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

DIM-de teleýaýlymyň wekilleri daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen duşuşdylar. Diplomat teleýaýlymyň söwda we hyzmatdaşlyk boýunça wise-prezidenti Silwian Žan Iw Rože bilen bilelikdäki taslamalaryň geljegini we halkara habarlar giňişliginde özara hereket meselelerini maslahatlaşdy.

«Taraplar soňky onýyllygyň dowamynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler. Onuň çäklerinde Türkmenistanda iri möçberli çäreleri şöhlelendirmek boýunça birnäçe üstünlikli taslamalary durmuşa geçirmek başartdy» diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

«Euronews» teleýaýlymynyň wekilleri bilelikdäki işi işjeňleşdirmek hem-de hyzmatdaşlygyň täze formalaryny işläp düzmek boýunça taýýarlyklaryny mälim etdiler.


Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa boýunça Döwlet komitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň çäklerinde bilelikdäki habar materiallaryny taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleri, şol sanda halkara we sebit ähmiýetli wakalary şöhlelendirmek meselesine üns berildi.
Myhmanlar Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa boýunça Döwlet komitetiniň binýadynda ýerleşen Halkara habarlar merkeziniň işi bilen tanyşdylar.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....