Dünýäniň iň gymmat awtoulag brendiniň ady aýdyldy

  • 21.01.2023 17:17
  • 45k+

Brand Finans konsalting kompaniýasy dünýädäki iň gymmat 500 brendi öz içine alýan nobatdaky Brand Finans Global 500 sanawyny neşir etdi. Bu ýyl Tesla markasy awtoulag pudagynda birinji ýeri eýeledi, bir ýyl ozal bu ýeri Toyota eýeläpdi. Umumy sanawda Tesla 9-njy ýerde durýar.

Hünärmenler Tesla brendini 66,2 milliard dollarlyk diýip bahalandyrdylar: bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 44% ýokarydyr we bu amerikan kompaniýasynyň sanawda 28-nji orundan 9-njy orna çykmagyna mümkinçilik berdi. Ikinji orny 3% arzanlap, 58,8 milliard dollara gelen Mersedes-Benz saklady. Dünýädäki ähli brendleriň arasynda nemes markasy geçen ýyldan bäri bir setir aşak düşüp, 16-njy orny eýeledi.
Geçen ýylyň öňdelikçisi Toyota, 2022-nji ýylda ýüze çykan meseleleriň çäginde, awtoulag markalarynyň arasynda üçünji orny eýelese-de, umumy sanawda diňe 19-njy boldy. Ýapon brendiniň gymmaty 52,5 milliard dollar bolup, geçen ýylkydan 18% aşak düşüşine, Toyota dünýäde 12-nji ýerde durýar.
Şeýlelikde, awtoulag pudagyndan diňe üç marka dünýäniň iň gymmat ýigrimi brendiniň hataryna girýär, ýöne ilkinji 50-likde ýene-de birnäçesiniň ady agzalýar: BMW (33-nji ýer), Porsche (40-njy ýer), Mitsubishi Group (43-nji ýer) we “Volkswagen” (47-nji ýer).


düýn 09:17
1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

16.06.2026 09:57
5.8k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......