«Ýuwentus» maliýe düzgün bozmasy üçin 15 utuk jerime aldy

  • 21.01.2023 16:38
  • 14k+

Turiniň «Ýuwentusy», klubuň işindäki maliýe näsazlyklary sebäpli Italiýanyň çempionatynyň turnir jedwelinde 15 utukdan mahrum boldy. Bu barada Italiýanyň futbol federasiýasynyň (FIGC) metbugat gullugy anna güni habar berdi.

FIGC-iň federal prokurory ozal 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda Federal şikaýat kazyýetiniň kararyny ýatyrtmak üçin şikaýat edipdi.

"Federal şikaýat kazyýeti prokuroryň arzasyny bölekleýin kabul etdi. Ýuwentusa garşy sanksiýalar häzirki futbol möwsüminde 15 jerime utugyny göz öňünde tutýar" – diýip, beýannamada aýdylýar .

Netijede, Ýuwentus sanawda üçünji orundan 10-njy orna geçdi, indi toparyň hasabynda 18 oýunda toplanan 22 utuk bar.
“Ýuwentusyň” öňki ýolbaşçylary 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda işinden aýryldy. Anýelli we onuň topary ygtyýarnama bermegiň hem-de maliýe taýdan adalatly oýnamak düzgünlerini bozmakda aýyplandy: futbolçylaryň transfer bahasyny ýokarlandyrmak, işgärlere edilýän çykdajylar hakyndaky maglumatlary peseltmek we oýunçylaryň gazanýan aýlyk haklarynyň mukdaryny gizlemek. Koronawirus pandemiýasy wagtynda klub 17 oýunçy üçin takmynan 60 million ýewro töläpdir. Turinlileriň başlyklary oýunçylaryň aýlyklarynyň bir böleginden ýüz öwrendiklerini aç-açan aýtdylar, özleri bolsa kanunyň üstünden ätläp, bu pullary tölemek barada olar bilen şertleşipdirler. Şol sanda Kriştianu Ronaldu hem zyýan çekipdir. Klubuň portugaliýaly türgene henizem 19,9 million ýewro bergisi bar, ol kluby kazyýete bermek isleýär.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......