Arkadag şäherinde 15 müň orunlyk Baş metjidiň düýbi tutuldy

  • 20.01.2023 16:57
  • 34k+

Şu gün, 20-nji ýanwarda Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň gurluşygyna badalga berildi.

Metjidiň düýbüni tutulyş dabarasyna Türkmenistanyň il sylagly hormatly ýaşulylary bilen birlikde, şu günler Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, musulman daşary ýurtlaryň Aşgabatda işleýän ilçileri, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
TDH agentliginiň habar bermegine görä, Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, ol birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Onuň sadaka jaýy bolsa 1500 adama niýetlenendir. Metjidiň gurluşyk işlerini ozal bu ugurda geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – «Altyn» hojalyk jemgyýeti alyp barar.


Soňra hemmeler bu ýerden Ahal welaýatynyň Gökdepe Metjidiniň ýanynda ýörite niýetlenilen ýerde berilen toý sadakasyna gatnaşdylar.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......