Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz känine baryp gördi

  • 20.01.2023 07:15
  • 24k+

19-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna bir günlük iş saparyny amala aşyryp, tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan «Galkynyş» gaz känine baryp gördi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow degişli çyzgylary görkezip, “Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary, täze guýularyň özleşdirilişi barada hasabat berdi.
«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe düzümleýin desgalary gurdy. Bu gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek bilen baglanyşykly ähli tehnologik işler awtomatlaşdyryldy.
Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak hem-de pudagyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Ýol ugruna döwlet Baştutany dikuçarda welaýatyň çäginden geçýän Garagum derýasyny synlady. Sowuk howa akymlarynyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagy bilen, derýada buz gatlagy döredi. Şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmek gerek diýip, döwlet Baştutany nygtady.


düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......