Ýakyn wagtda Arkadag şäherinde baş metjidiň düýbi tutular

  • 16.01.2023 10:26
  • 18k+

Ýakyn wagtda Arkadag şäherinde baş metjidiň düýbi tutulyp, onuň gurluşygyna badalga berler. Bu waka ähli halkymyz gatnaşyp, şu mynasybetli sadaka berler. Munuň maksadalaýyk boljakdygy barada Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji ýanwarda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde belledi.

Metjidiň il içinde «Allanyň öýi» hasaplanýandygyny aýdyp, hajy Arkadagymyz welaýatyň baş metjidiniň gurluşygyna ýaşulular we hünärmenler bilen maslahatlaşyp, sähetli gün badalga bermek hem-de şu mynasybetli toý sadakasynyň geçirilmegi babatda maslahatlaryny berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, metjidiň gurluşygyna, onuň mährabynyň ýerleşjek ýerini kesgitlemäge din wekilleri hem-de il sylagly ýaşulular bilen maslahatlaşylyp başlanmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Belläp geçsek, welaýatlaryň baş metjitleri ilki Mary welaýatynda guruldy. Soňra Daşoguz welaýatynda, Lebap welaýatynda Balkan welaýatynda baş metjitler ulanmaga berildi.


düýn 10:55
5.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......