Jeep taryhda ilkinji gezek Ýewropada ýylyň awtomobili boldy

  • 15.01.2023 21:40
  • 17k+

Ýewropada geçirilýän “Ýylyň awtomobili” (Car of the Year) bäsleşiginiň emin agzalary Jeep Avenger elektrik krossowerini ýeňiji diýip yglan etdiler. Bu markanyň modeli şu ýyl 60 ýaşyny dolduran baýraga ilkinji gezek mynasyp boldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy Brýusseldäki halkara awtosalonda geçirildi diýip, mag.auto.ru habar berýär.

Dalaşgärleriň arasyndan ýeňijini Ýewropanyň 22 ýurdundan 57 awtožurnalist saýlady. Jeep Avenger 328 bal we 21 iň gowy sesi gazandy.
Avenger Ýewropa bazary üçin döredilen ykjam krossower bolup, CMP platformasyna esaslanýan öňdäki herekete getirijili elektromobildir. Ol 156 at güýji bolan akkumulýatora we 100 kilowat zarýady göterýän we WLTP sikli boýunça 400 km çenli ýol ätiýajyny üpjün edýän 54 kilowat-sagat sygymly batareýa eýe boldy. Krossowerde Snow, Mud, Sand, Eco, Normal we Sport sazlamalary bilen Selec-Terrain hereket režimini saýlamak ulgamy göz öňünde tutulan, şeýle-de dagdan düşmäge kömek ulgamy bar. Elektromobiliň önümçiligi şu ýazda Polşanyň Tyhy şäherindäki zawodda başlamaly. Soňrak oňa doly herekete getirijili gibrid Avenger 4xe hem goşular.
Baýragyň gysga sanawyna goşulan beýleki alty finalçynyň hem haýsydyr bir elektrik hereketlendirijisi bar. Olar üçin sesler şeýle görnüşde paýlandy: Volkswagen ID.Buzz (241 bal), Nissan Ariya (211 bal), Kia Niro (200 bal), Renault Austral (163 bal), Peugeot 408 (149 bal), Subaru Solterra/Toyota bZ4X (133 bal).
Ýatlap geçsek, bir ýyl ozal Ýewropada ýylyň awtomobili Kia EV6 elektrokrossoweri boldy. Koreýa brendi üçin bu baýrak hem ilkinji bolupdy.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....