Apple öz ilkinji sensor ekranly noutbugyny döretmegiň üstünde işleýär

  • 13.01.2023 07:46
  • 4.8k+

Apple kompaniýasy özüniň ilkinji sensor ekranly noutbugyny işläp taýýarlaýar. Bu barada Bloomberg çarşenbe güni kompaniýadaky çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Olaryň maglumatlaryna görä, Apple-iň hünärmenleri kompaniýanyň täze önüme çynlakaý garaýşyny görkezýän bu taslama boýunça işjeň iş alyp barýarlar. Şeýle-de bolsa, innowasiýany durmuşa geçirmek barada gutarnykly karar entek kabul edilmedi.
Apple öz noutbuklaryny duýgur ekranlar bilen enjamlaşdyrmagyň pikirini etmegi köpden bäri ret edip gelýärdi diýip, Bloomberg ýazýar. Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýany esaslandyryjy Stiw Jobs şeýle karary "ergonomiki nukdaýnazardan gorkunç" diýip hasaplaýardy.
Mundan başga-da, Apple noutbuklara duýgur ekranlaryň ornaşdyrylmagy “iPad” planşetleriniň satuwyna ýaramaz täsir eder öýdüp gorkýardy.
Habarlar gullugynyň maglumatyna görä, soňky ýyllarda MacBook noutbuklarynyň iPad-den has köp pul getirip başlamagy Apple -iň ugruny üýtgetmegine täsirini ýetirdi. Şonuň bilen birlikde, Apple-iň bäsdeşleri öz noutbuklaryny ýygy-ýygydan duýgur ekranlar bilen enjamlaşdyryp gelýärler. Apple ilkinji duýgur ekranly noutbugyny 2025-nji ýylda, flagman MacBook Pro modeliniň  täzelenmegi bilen hödürlär diýip garaşylýar.


şu gün 08:32
1.4k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.5k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......