Samsung Katarda nebithimiýa zawodyny gurar

  • 12.01.2023 12:54
  • 9.5k+

Günorta Koreýanyň Samsung Group senagat ägirdiniň bölümçesi bolan Samsung Engineering kompaniýasy Taýwanyň CTCI Corporation kompaniýasy bilen bilelikde Katarda nebithimiýa zawodynyň gurluşygy üçin tender gazandy. Bu barada kompaniýa salgylanyp, bigasia.ru habar berýär.

Şertnama 2,5 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Tendere görä, Samsung Engineering etileniň sintezi boýunça önümçilik kuwwatynyň ýola goýulmagyna jogap berer, Taýwanyň kompaniýasy bolsa zawodyň galan infrastrukturasyny gurar. Gurluşyk işleriniň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.

“Bu taslamanyň ýyllyk göwrümi 2,08 mln tonna bolan etileni çykarmak boýunça iň uly önümçilik işleriniň birini ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini bellemek gerek. Samsung Engineering taslamany üstünlikli durmuşa geçirip biljekdigine ynanýar” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Şertnama Dohadan onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýän we nebithimiýa önümçiligi, şol sanda suwuklandyrylan gazy öndürmek bilen meşgullanýan Ras-Laffan senagat merkeziniň ösüş taslamasynyň bir bölegi hasaplanýar. Şertnamada sargytçy bolup Ras-Laffan Petrochemincals çykyş edýär.


09.03.2026 16:48
4.3k+

Nebitiň bahasy 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 120 dollara çenli gymmatlady

Brent markaly nebitiň bahasy gymmatlap, soňky takmynan üç ýylyň içinde ilkinji gezek bir barel üçin 120 dollar derejesine golaýlady. Dynç günlerinden soň Aziýadaky ilkinji söwdalarda bir barel Brent nebitiniň bahasy 109 dollara çenli ýokarlandy...

14.02.2026 07:09
12k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyldy

Aşyrguly Begliýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan etdi, diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

14.02.2026 06:38
13k+

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna gözegçilik edýän täze wise-premýer bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumy boýunça orunbasary Batyr Amangeldiýewiç Amanowy wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutany bu çözgüdi Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

18.12.2025 11:06
1.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Kataryň Emirini ýurduň Milli güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda...