BMW 2022-nji ýylda elektromobil satuwyny iki esseden gowrak ýokarlandyrdy

  • 11.01.2023 14:26
  • 10k+

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG awtoöndürijisi 2022-nji ýylda elektromobil satuwyny iki esseden gowrak ýokarlandyrdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Kompaniýa bir ýylyň dowamynda müşderilere 215,755 müň doly elektrik BMW we Mini iberdi, bu bolsa 2021-nji ýylyň görkezijisinden 107,7% ýokarydyr.
Umuman, geçen ýyl dünýäde BMW, MINI we Rolls-Royce awtomobilleriniň satuwy 4,8% - 2 mln 399,636 müň birlige çenli azaldy. Bu hem ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligi, Hytaýdaky lokdaunlar we Ukrainadaky dawalar bilen baglanyşyklydyr diýip, kompaniýanyň habarynda bellenilýär.
BMW 2022-nji ýylda Hytaýdaky satuwyny 6,4% (791,985 müň awtomobile çenli) azaltdy, ýöne oktýabr-dekabr aýlarynda ol 12,7% (199,112 müň awtoulaga çenli) ýokarlandy.
Geçen ýyl kompaniýanyň Ýewropadaky awtomobil satuwy 7,5% (877,369 müň birlige çenli) azaldy. Şol bir wagtyň özünde dördünji çärýekde görkeziji 10,9% (247,551 müňe çenli) ýokarlandy. ABŞ-da satuw bir ýylyň dowamynda 1,3% (361,892 müň awtoulaga çenli) azaldy, ýöne dördünji çärýekde 11,1% (112,057 müňe çenli) ýokarlandy.
2022-nji ýylda kompaniýa motosiklleriň we skuterleriň satuwyny 4,4% - 202,895 müň birlige çenli artdyrdy.
Soňky bir ýylyň dowamynda awtoöndürijiniň bazar bahasy 8% (59 mlrd ýewro çenli) peseldi, şol bir wagtyň özünde DAX fond indeksi 7,8% ýitirdi.


01.06.2026 10:57
3.2k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......