Türkmenistan hytaý lokomotiwleri üçin 30 mln dollarlyk ätiýaçlyk şaýlaryny alar

  • 10.01.2023 21:01
  • 16k+

Türkmenistan öň satyn alnan lokomotiwleri ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça Hytaýyň demir ýol tehnikasyny öndüriji CRRC Ziyang kompaniýasy bilen bahasy $30 mln-a deň bolan şertnama baglaşdy – diýip, Orient agentligi kompaniýanyň Twitter-hasabyna salgylanyp ýazýar.

Bellenilişi ýaly, bu Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň 31 ýylynyň dowamynda gol çekilen iň uly şertnamadyr.
Öň, «Demirýollary» AGPJ hytaý kompaniýasyndan 15 sany dizel teplowozlaryny satyn aldy. Olaryň ählisi 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli Türkmenistana gelmelidir.

CRRC Ziyang kompaniýasynyň teplowozlary Türkmenistanyň içerki we üstaşyr ýükleriniň göwrümini artdyrar, şeýle hem olaryň daşalyşynyň tizligini ýokarlandyrar.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......