Tailand ýurda girişde COVID-19-a garşy sanjym resminamasyny ýene talap eder

  • 10.01.2023 07:29
  • 9k+

Tailand serhetden geçilende koronawirusa garşy doly sanjym alnandygy baradaky resminamanyň berilmegini ýene talap eder. Bu barada ýurduň Raýat awiasiýasy edarasy habar berýär diýip, interfax.ru belleýär.

Şeýle talaplar ýerli wagt bilen 9-njy ýanwar, duşenbe güni gije sagat 1:00-dan başlap gatnawlar bilen gelýän ýolagçylara degişlidir. Bu çäreler, iň bolmanda, ýanwar aýynyň ahyryna çenli hereket eder.
Raýat awiasiýasy edarasy daşary ýurtdan gelýän 18 ýaşdan uly adamlar üçin düzgünleriň üýtgedilendigi barada ähli taraplara habar berlendigini belleýär.
Oktýabr aýynda Tailandyň häkimiýetleri ýurda gelýänler üçin ýanyňda sanjymy tassyklaýan resminamanyň bolmalydygy baradaky talaby ýatyrdylar. Ýöne, HBS-iň bellemegine görä, Hytaýda koronawirus hadysalarynyň sanynyň artmagy netijesinde bu çäreleri gaýtadan dikeltmek kararyna gelindi. Şeýle-de bolsa, diňe HHR-den gelýänler üçin çäklendirme girizen birnäçe ýurtdan tapawutlylykda, Tailandyň häkimiýeti bu çäreleri ähli ýurtlara degişli etdi.
Raýat awiasiýasy edarasynyň resmi saýtynda Tailandda tassyklanan 16 sanjymdan ybarat sanaw ýerleşdirildi.


düýn 01:05
3.9k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......