Microsoft Windows 8.1-den doly el çekdi

  • 09.01.2023 17:41
  • 6.5k+

Windows 8.1 10-njy ýanwarda iň soňky täzelenmesini alar. Şondan soň, Microsoft bu operasion ulgamyny «dynç alşa» ugradar diýip, Ghacks habar berýär.

Windows 8.1-iň  ulanyjylary ony ulanmagy dowam etdirip bilerler, emma ulgamyň howpsuzlyk meselelerini Microsoft hem, ýa başga biri hem çözmez. Brauzerlere we beýleki programmalara täzelenmeler barmaz we käbir web sahypalary işlemegini bes eder, sebäbi täze tehnologiýalar brauzerleriň köne wersiýalary tarapyndan goldanylmaz.
Windows-e we Microsoft-yň beýleki apparat üpjünçiligine jogapkär Panos Panaý: Microsoft-yň Windows-da emeli aňa has-da ünsi artdyrjakdygy ozal habar berlipdi: "Emeli aň, sözüň doly manysynda, Windows-da nämäni nädip etjegiňizi üýtgeder " – diýdi.


17.03.2026 20:39
711

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...