Daşoguz atçylyk toplumynda abatlaýyş işlerini geçirjek hususy kärhana belli boldy

  • 09.01.2023 00:36
  • 21k+

«Röwşen» hususy kärhanasy Daşoguz atçylyk toplumynyň ýaryş ýoluna täze döwrebap düşemesini gurar we toplumda abatlaýyş işlerini geçirer. Munuň üçin «Türkmen atlary» döwlet birleşigine degişli hususy kärhana bilen goşmaça şertnama baglaşmaga rugsat berildi.

Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti 8-nji ýanwarda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulyndaky «Daşoguz atçylyk toplumynyň ýaryş ýolunyň durkuny täzelemek barada» №195 kararyna laýyklykda kabul edildi.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......