Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň duşuşygy geçirildi

  • 06.01.2023 12:18
  • 10k+

Şu gün, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde giňeldilen hem-de dar düzümde ýokary derejeli türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasyndan soňra, wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda iki ýurduň wekiliýetleriniň dar düzümde geçiren gepleşikleriniň barşynda bolsa dostlukly döwlete şu gezekki saparyň gün tertibine girizilen meseleler, türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam etjek ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikler tamamlanandan soňra iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


20.06.2026 11:41
3.5k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......