Türkmenistanda 2023-nji ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

  • 02.01.2023 13:01
  • 61k+

Täze 2023-nji ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde aşgabatly öý hojalykçy Gülbahar hem-de telekeçi Nurmuhammet Mommadowlaryň maşgalasynda dünýä indi. Täze ýylyň ilkinji minutlarynda — 00:40-da olaryň ogul bäbegi dünýä indi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, oglanjygyň ata-enesi Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygaryndan ugur alyp, täze ýylda ilkinji dünýä inen bäbege Bagtyýar diýip at goýdular. Oglanjyk ozal 10 ýaşyndaky gyzy we 5 ýaşyndaky ogly bolan Mommadowlaryň maşgalasynyň üçünji perzendidir.
Doglan ogul bäbejigiň agramy 3 kilogram 840 gram we boýy 53 santimetr. Onuň ýagdaýlary kanagatlanarly. Oňa we enesine lukmanlar, şepagat uýalary tarapyndan hemme degişli gözegçilik işleri geçirilýär.
Oglanjygyň ata-enesine Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň iberen sowgatlary gowşuryldy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......