Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

  • 31.12.2022 08:02
  • 25k+

30-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutany çagalaryň hemmelerde buýsanç duýgusyny döredýän çykyşlaryny synlady. Soňra tamamlanyp barýan 2022-nji ýylyň nyşany bolan barsyň lybasyndaky hem-de 2023-nji ýylyň nyşany towşanyň lybasyndaky ýaşajyk artistler Serdar Berdimuhamedowdan özleri bilen bilelikde Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagy haýyş etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti olara minnetdarlyk bildirdi we nesilleriň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ajaýyp dessurlaryň dowamlylygyny alamatlandyrýan asylly ýörelgelere eýerip, çagalar bilen arçanyň daşyndan aýlandy.
Bu ýerde guralan dabara gatnaşan çagalaryň hemmesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Döwlet Baştutany çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
Soňra Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Bu ýerde çagalar toparlarynyň, estrada artistleriniň, teatr we sirk ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl mynasybetli guralýan baýramçylyklar dowam etdi.
Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna döwlet Baştutany we ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çagalar bilen geldiler.
Türkmenistanyň Prezidenti teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, ýaş zehinli çagalaryň gatnaşmagynda taýýarlanan joşgunly çykyşlara tomaşa etdi.
Serdar Berdimuhamedowyň we daşary ýurtly diplomatlaryň çagalarynyň baýramçylyk mynasybetli Täze ýyl barada okan goşgulary, ýerine ýetiren aýdymlary şatlyk-şowhun bilen garşylandy.
Täze ýylyň hormatyna dabara gatnaşyjylara ägirt uly tort hödürlenildi.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......