Kodi Gakpo «Liwerpulyň» oýunçysy boldy

  • 29.12.2022 15:58
  • 16k+

Niderlandly hüjümçi Kodi Gakpo «Liwerpulyň» hüjümçisi boldy. Mersisaýdlylar muny öz resmi saýtynda yglan etdiler. Resmi geçiş ýanwar aýynyň başynda, gyşky transfer penjiresiniň açylmagy bilen amala aşyrylar.

Futbolçy ozal Takumi Minaminonyň eýelän 18-nji belgisini aldy. Dirk Kýuýt, Alberto Moreno, Ýon Arne Riise we Antonio Nunýez hem şu belgide oýnapdylar.
«Mançester Ýunaýted» hem hüjümçini özüne almak isläpdi, ýöne «Liwerpul» PSW bilen gepleşiklerde has çakgan bolup çykdy. Žurnalistleriň berýän maglumatlaryna görä, mersisaýdlylar oýunça 42 million ýewrodan köpräk pul tölärler we bonuslary göz öňünde tutsaň, bu pul 50 million ýewro çenli artyp biler. Şertnama 2028-nji ýyla çenli hereket eder.
Gakpo PSW üçin ähli turnirlerde 20 gezek çykyş etdi. 23 ýaşly futbolçynyň hasabynda 13 gol we 17 sany netijeli pas bar. Şeýle-de, hüjümçi soňky dünýä çempionatynda Niderlandlaryň milli ýygyndysy üçinem üç pökgi geçirdi.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
9k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

16.06.2026 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....