Türkmenistanda rus kinolarynyň görkezilişi geçirilýär

  • 27.12.2022 22:09
  • 21k+

26-njy dekabr aralygynda Türkmenistanda geçýän Russian Film Festival-da Russiýanyň doly metražly "Küýki taýçanak", "Palma", "Ýeke" we "Ak gar" filmlerini we "Ýuliý atly at we uly çapyşyk" hem-de "Üç batyr we tagta çykan At" animasion filmlerini görkezerler. Bu barada duşenbe güni Roskinonyň metbugat gullugy habar berdi.

Rus kinosynyň günlerini eýýäm ikinji gezek özünde kabul edýän Türkmenistan  Russian Film Festival-yň taslamasynda 2022-nji ýylyň jemleýji akkordy bolar. Täze ýylyň öňüsyrasynda - 26-31-nji dekabr aralygynda Aşgabatda, "Berkarar" kinoteatrynda filmleriň görkezilişi bolar - diýip habarda aýdylýar.   Russian Film Festival ýurtda ilkinji gezek oflaýn formatda geçýär. Awgust aýynda türkmenistanlylar "Iwi" onlaýn-kinoteatrynyň platformasynda rus kinematografiýasynyň täzelikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar. Oflaýn-maksatnamasynyň tomaşaçylaryna Anton Şaginiň we Pawel Derewýankonyň gatnaşmagynda Pýotr Ýerşowyň "Küýki taýçanak" ertekisiniň ekranlaşdyrylan görnüşini, kiçi Aleksandr Domogarowyň başdangeçirmeli "Palma" filmini, Nikolaý Homerikiniň "Ak gar" sport dramasyny,  durmuşy wakalara esaslanýan "Ýeke" trillerini we "Üç pälwan", "Ýuliý atly at we uly çapyşyk" we "Üç pälwan we tagta çykan At" siklinden alnan animasion filmleri görkezerler.
Türkmenistandaky Rus kinosynyň günleri Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda Roskino we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......