Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegini işjeňleşdirýär

  • 27.12.2022 14:15
  • 10k+

BMG Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) durmuşa geçirmegi tizleşdirmekde Türkmenistana ýardam berýär. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko Trend agentligine aýtdy.

«2030-njy ýyla çenli döwür üçin  Gün tertibiniň meselerini we Türkmenistanda Milli Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegi ilerletmek üçin BMG-niň agentlikleriniň utgaşdyryş işleri güýçlendirilýär. Aýratynam, Türkmenistanyň hökümetiniň DÖM-e ýetmegi tizleşdirmegiň çärelerini derňemekdäki we işläp taýýarlamakdaky, ýurtda DÖM-i durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek we netijeli monitoring etmek meselelerindäki hemaýatyna uly üns berýär»  — diýip, BMG-niň Hemişelik wekili aýtdy.

BMG DÖM-i durmuşa geçirmek üçin guramanyň muňa çekilen ähli agentliklerini  goldamakda işjeň mobilizasiýany dowam edýär.

«Şu maksat bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň ofisi giňeldildi. Oňa seljerişi häsiýetdäki täze funksiýalar, şol sanda strategiki meýilleşdiriş boýunça hünärmen, ykdysadyýetçi, hyzmatdaşlygy we ösüşi maliýeleşdirmek boýunça hünärmen goşuldy» — diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


11.06.2026 22:20
6.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....