FIFA Katardaky dünýä çempionatynyň iň owadan goluny mälim etdi

  • 24.12.2022 00:57
  • 36k+

Londonyň «Tottenhem» klubunyň we Braziliýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Rişarlison Katarda geçen dünýä çempionatynda iň oňat goluň awtory boldy. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy saýtynda habar berýär. 

FIFA dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň birinji oýnunyň çäklerinde Serbiýanyň garşysyna oýnalan oýunda Rişarlisonyň üstaşyr geçirip uran goluny iň oňat gol hasaplady.
Ses berlişikde  braziliýaly türgen topardaş watandaşy Neýmaryň, fransuz Kilian Mbappeniň, argentinaly Enso Fernandesiň, kamerunly Wensan Abubakaryň, meksikaly Luis Çawesiň, koreýaly Pak Syn Hoýyň, niderlandly Kodi Gakponyň, şeýle hem Saud Arabystanyndan Salema Al-Dosariniň gollaryndan öňe saýlandy.
Braziliýanyň ýygyndysy çärýek final tapgyra ýetip, penalti seriýasynda Horwatiýadan utuldy. Ýewropanyň topary netijede turnirde üçünji ýeri eýeledi.
Oýundan soňky penalti seriýasynda finalda Fransiýany utan Argentinanyň topary mundialyň ýeňijisi boldy. 


şu gün 10:53
2.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.3k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......