Microsoft 190 mlrd dollara Netflix-i satyn almaga hyýallanýar

  • 22.12.2022 15:34
  • 4.5k+

Microsoft korporasiýasy Netflix wideoserwisini satyn almagy göz öňünde tutýar. Bu barada Reýter agentligine salgylanyp, gazeta.ru ýazýar. 

Agentligiň habar bermegine görä, geleşik ähli komissiýalaryň we bonuslaryň tölegini hasaba almak bilen, 190 mlrd dollar diýip bahalandyrylýar.
Geleşigi resmi görnüşde 2023-nji ýylda yglan etmegi meýilleşdirýärler.
Microsoft Netflix-i satyn almak bilen, öz gurluşlarynda oýunlary akymlaýyn bermek hyzmatyny teklip etmek isleýär diýip makalada bellenilýär.
Microsoft sekiz ýyl mundan öň kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini Satýa Nadella eýeläninden soň beýleki kompaniýalary satyn almaga başlady diýip Reuters ýatladýar. Korporasiýanyň söwdalarynyň içinde iň gymmady 26 mlrd dollara satyn alan Linkedln  sosial torudyr we 20 mlrd dollarlyk, dili tanamak üçin niýetlenen programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjy we Nuance emeli aňydyr.


17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

11.05.2026 23:23
2.7k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

04.03.2026 14:13
1.3k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

03.03.2026 13:28
734

OpenAI we Amazon 50 milliard dollarlyk köpýyllyk şertnama baglaşdy

OpenAI kompaniýasy Amazon bilen 50 milliard dollar möçberinde köpýyllyk strategik ylalaşyk baglaşdy. Bu şertnama öňki 38 milliard dollarlyk ylalaşygyň dowamy boldy. Täze şertnamanyň çäginde Amazon Web Services (AWS) OpenAI-yň «Frontier» diýlip atlandyrylýan korporatiw platformasynyň eksklýuziw daşarky dileri (distribýutory) statusyna eýe bolar diýip, Neowin habar berýär...