Ahal welaýatynyň täze merkezine «Arkadag» ady dakyldy we şäher derejesi berildi

  • 22.12.2022 00:45
  • 25k+

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesi berildi we täze şähere «Arkadag» diýen at dakyldy. Degişli Karary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi kabul etdi. Bu barada 21-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde habar berildi.

Karara laýyklykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Arkadag şäherine geçiriler. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýerleri Kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçiriler. Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasy Arkadag şäheriniň çägine goşulandygy sebäpli dolandyryş-çäk birlikleriniň hasabyndan çykarylar, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşligi bolsa ýatyrylar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirer.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......