Twitteriň ulanyjylary Maskyň kompaniýanyň ýolbaşçylygyndan gitmegi üçin ses berdiler

  • 21.12.2022 14:53
  • 17k+

Ilon Mask tarapyndan Twitter-de ýörite gurnalan pikir soraşma gatnaşan ulanyjylaryň aglabasy onuň bu kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesinden gitmegi üçin ses berdiler.

Pikir soraşma jemi 17,5 mln ulanyjy gatnaşdy. Olaryň 57%-i Maskyň wezipesinden gitmegi üçin, 43%-i bolsa galmagy üçin ses berdiler.
Owal Mask «bu pikir soraşmanyň netijesine esaslanmaga» söz beripdi.
Häzirki wagtda onuň Twitteriň ýolbaşçysy wezipesinden gitjekdigi ýa-da däldigi, eger gitse, ornuna kimiň geçjekdigi belli däl.

«Islegleriňize seresap çemeleşiň, olaryň hasyl bolmagy ahmal» diýip, Mask pikir soraşma başlanda ýazypdy.

Mask Twittere ýedi hepdeden sähel gowrak wagt bäri ýolbaşçylyk edýär we bu döwür kompaniýa üçin juda ynjalyksyz döwür boldy diýip, The Wall Street Jounal belleýär. Oňa köpçülikleýin işden çykarylmalar, kontentiň moderasiýasynyň syýasatynyň üýtgemegi, şeýle-de iri kompaniýalaryň ýanyndaky mikrobloglaryň torunda mahabatlary ýerleşdirmegiň togtadylmagy mahsus boldy.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
916

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...