Tailandda Toyota Hilux elektriki pikapynyň nusgasy görkezildi

  • 18.12.2022 09:44
  • 18k+

Tailandda Toyota kompaniýasynyň bu ýurtda bolmagynyň 60 ýyllygynyň şanyna giň gerimli çäre geçirildi. Şu waka mynasybetli ýapon markasy arassa elektriki Hilux Revo BEV pikapynyň prototipini görkezdi.

"Ýaşyl"  Hilux kadrda sag tarapda dur. Ony radiatoryň gözeneginiň deregine goýlan bütewi panelinden we aňyrsynda zarýad kese kesigi gizlenen çep öňki ganatyndaky ullakan lýuçogyndan tanap bolýar. Häzirki wagtda modeliň gammasynda ne elektriki, ne-de gibrid wersiýa bar.
Ulag hakynda hiç-hili jikme-jiklik ýa-da başga surat ýok. Mümkin olar biraz soň peýda bolar. Emma prototip kompaniýanyň model hataryny giň gerimde elektrifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamasy bilen utgaşyp gidýär.  Ondan hem başga, Toyota Hilux pikapynyň wodorodly görnüşiniň üstünde işleýär.


23.05.2026 08:13
3.4k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:47
5.5k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

18.05.2026 06:21
5.8k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......

15.05.2026 09:20
6.6k+

Toyota täze başlan sürüjiler üçin Corolla-nyň elýeterli okuw wersiýasyny çykardy

Ýaponiýada Toyota Corolla-nyň "Driving School" diýlip atlandyrylýan täze modifikasiýasy çykaryldy. Bu ýöriteleşdirilen wersiýa ýörite ýerli sürüjilik mekdepleriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin......