Marsohod ilkinji gezek Marsyň çägeli tüweleýiniň sesini ýazgy etdi

  • 18.12.2022 09:30
  • 17k+

Perseverance marsohody dünýäde ilkinji gezek Ýerden bolmadyk tüweleýiň ses ýazgysyny ýollady. Ol kameralar we spektrometrler bilen üpjünlenen rowerdäki mikrofona ýazdyryldy diýip, Nature Communication habar berýär.

NASA-nyň, Perdýu (ABŞ) uniwersitetiniň hem-de Ýokary aeronawtika we kosmos institutynyň (Fransiýa) alymlar topary ýazgyny seljerip gördüler. Gurluş ses maglumatyny sesiň tebigy tizligine golaý tizlikde tutýar diýip bellediler.
Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda marsohod tozan tüweleýi — Marsyň tüweleýini şeýle atlandyrýarlar — bilen sataşdy. Mars Environmental Dynamics Analyzer abzaly atmosfera basyşyny bellige aldy, SuperCam mikrofony bolsa  sesi ýazgy etdi.
Howa basyşynyň görkezijileri we kadrma-kadr surata düşürilen görkezijiler bilen sazlaşan audiomaterial alymlara Marsdaky atmosferanyň we howanyň aýratynlyklaryna gowy düşünmäge mümkinçilik berer. Tüweleýli şemalyň tizligi sagatda 40 kilometr töweregi boldy — şunuň ýaly görkezijiler Ýerde hem gabat gelip bilýär. Gyzyl planetada basyşyň ep-esli pesdigi sebäpli ol ýerde şemalyň güýjeme kuwwaty 99% gowşakdyr. Onuň çäge zerrejiklerini howa galdyrmaga güýji ýetse-de, antenleri ýa-da ylmy abzallary ýerinden gozgap bilmez. 
Marsyň her sebitinde howa her hili diýip alymlar bellediler — bu babatda ol Ýere meňzeş. Şunlukda, Perseverance-yň işleýän ýeri bolan Ýezero kraterinde soňky ýyllarda 100 tüweleý töweregi görüldi, InSight missiýasynyň ýerleşen Eliziý düzlüginde bolsa ýekejesem gabat gelmändir.


düýn 11:18
785

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

düýn 10:34
1.4k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......