Serdar Berdimuhamedow gazak kärdeşini Respublikanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 16.12.2022 13:05
  • 7.8k+

Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Gazagystanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet gurluşyny berkitmek, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak we halkara giňişlikde ýurduň abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin syýasy, durmuş-ykdysady ugurlarda özgertmeleri amala aşyrandygyny kanagatlanma bilen belledi.

“Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary uzak möhletleýin hem-de strategik häsiýete eýedir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, açyklyk, birek-birege hormat goýmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, işjeň ösdürilýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.


şu gün 01:02
2.6k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......