Eks-an-Prowans “Ýewropanyň innowasiýalar paýtagty 2022” adyna eýe boldy

  • 15.12.2022 18:37
  • 7.5k+

Fransiýanyň Eks-an-Prowans şäheri Ýewropanyň innowasiýalar paýtagty (iCapital) titulyna eýe boldy. Bu baýrak bilen her ýyl öz işinde innowasiýalary işjeň ulanýan we olaryň ösüşine goldaw berýän Ýewropa şäherleri sylaglanýar.

Mysal üçin, Eks-an-Prowansda köp sanly barlaghana we merkez bolup, olaryň üsti bilen ýerli ýaşaýjylar jemgyýetçilik transportyny, galyndylary, suw arassalaýyş işlerini, şäher meýilnamasyny, ykdysady ösüşi we daşky gurşawy goramak işlerini dolandyrmaga gatnaşyp bilýärler. Mundan başga-da, şäherde Fransiýada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçişe bagyşlanan ilkinji tehnologiýa seýilgähi bar. Häzirki wagtda bu şäherde energetika, agrotehnologiýa, suw arassalaýyş ýa-da “ýaşyl” himiýa pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalary işläp düzýän 110 startap we kompaniýa hereket edýär.
Şeýle-de, “Ýewropulsyň” habar bermegine görä, şäherde zenanlar üçin ykjam programma işlenip düzüldi we işe girizildi, bu programma olara köçe yzarlamalaryndan goranmaga kömek edýär.
Eks-an-Prowans geljekki ösüş üçin 1 mln ýewro baýrak alar. Ýene iki finalçy şäher – Espoo (Finlýandiýa) we Walensiýa (Ispaniýa) – 100 müň ýewrodan alar.
Ilkinji Ýewropanyň innowasiýalar paýtagty 2014-nji ýylda Barselona boldy. Bu ada ÝB ýurtlaryndan we Horizon Europe Ýewropanyň gözlegleri we innowasiýalary goldamak maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlardan 250 müňden gowrak ilaty bolan şäher dalaş edip bilýär.


29.05.2026 07:13
1.3k+

LVMH ähli brendleri üçin adam hukuklary boýunça bitewi ýörelgeleri tassyklady

Fransiýanyň «LVMH» lýuks harytlar konglomeraty özüniň ilkinji Adam hukuklary baradaky Hartiýasyny hödürledi. Ol kompaniýanyň halkara ýörelgelerine we adam hukuklarynyň düýpli esaslaryna boýun egmek......

27.05.2026 00:21
4k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

23.05.2026 16:15
8.3k+

AF447 gatnawynyň heläkçiliginde Airbus we Air France günäkär hasaplandy

Parižiň Şikaýat kazyýeti 2009-njy ýylda Atlantik ummanynyň üstünde AF447 gatnawynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Airbus awiaöndürijisini we Air France awiakompaniýasyny tötänden adam öldürmekde......

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......