Audi teker diskleriniň dizaýnyny döretmek üçin emeli aňdan peýdalanýar

  • 15.12.2022 18:33
  • 12k+

Audi kompaniýasy dizaýnerlere kömek bermek maksady bilen ideýalaryň çeşmesi hökmünde emeli intellektden peýdalanyp başlady. Munuň üçin ol FelGAN ady bilen hususy programma üpjünçiligini işläp düzdi. Bu barada mag.auto.ru habar berýär.

FelGAN iru-giç her bir hudožnigiň ýüzbe-ýüz bolýan ideýa çökgünliginden gaçmaga kömek eder. Bu programma ýa-ha düýbünden täze dizaýnlary teklip etmegi, ýa-da täze görnüşleri döretmek üçin öň ulanylan çözgütleri birleşdirmegi başarýar. Häzirlikçe ol diňe teker diskleri bilen işleşýär, ýöne geljekde şeýle emeli intellekt konserniň beýleki bölümçelerinde hem kömek eder.
Programma üpjünçiliginde iki “bäsdeş” algoritm ulanylýar. Birinjisi, generator, özbaşdak şekilleri döredýär. Ikinjisi, diskriminator, olardan saýlananlara we tekerleriň hakyky suratlaryna seredip, her bir suraty kesgitlemäge synanyşýar. Prosesiň netijesinde generator döredijiligi şeýle bir real eder welin, olary hatda adam gözi bilen hakyky suratlardan tapawutlandyrmak hem kynlyk bilen başardar.
FelGAN janly dizaýnerleriň ýerini tutman, diňe olara kömek edýär. Dizaýnyň gutarnykly ýagdaýa getirilmegi, prototipleriň döredilmegi we beýleki nýuanslar adamyň elinde galýar. Mundan başga-da, hudožnikler programma täze stili oýlap tapmak üçin esas boljak surat nusgalaryny ýüklemek arkaly döredijilik ugruny görkezip bilerler.


şu gün 12:35
395

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

şu gün 08:32
1.4k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

düýn 23:56
1.6k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......