Fransiýanyň wekili Lissandro «Çagalaryň Ýewrowideniýesinde» ýeňiş gazandy

  • 15.12.2022 12:06
  • 7k+

Fransiýanyň wekili Lissandro Ermenistanda geçen «Çagalaryň Ýewrowideniýesi» bäsleşiginde üstün çykdy, diýip saz şüweleňiniň resmi saýtynda habar berilýär. On üç ýaşly Lissandro Oh Maman! rok-n-rol kompozisiýasy bilen çykyş etdi we çykyşy üçin 203 bal aldy. Ýaş artistiň Elwis Presli ruhundaky tolgundyryjy çykyşy «Çagalaryň Ýewrowideniýesiniň» YouTube-kanalynda goýuldy.

«Men şeýle bir bagtly, hemmäňize minnetdar! Ýaşasyn Fransiýa!» — diýip, Bi-Bi-Si ýeňijiniň sylag alan pursadyndaky sözlerini getirýär.

Oglanjyk hakynda aýdylanda, ol bäş dilde aýdym aýdýar, multfilmlere ussatlyk bilen ses berýär, Elwis Presliniň döredijiligini halaýar we özüniň öý haýwanlaryny — Kalina atly towşanyny we Roksi atly mopsyny jandan eziz görýär.
Ikinji ýeri 180 bal toplan Ermenistanyň wekili Nare eýeledi. Üçünji ýeri bolsa 161 bal bilen gruzin ýerine ýetirijisi Mariam Bigwawa aldy.


düýn 14:28
1.1k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......