LVMH-nyň ýolbaşçysy Bernar Arno dünýäde iň baý adam boldy. Ol Maskdan öňe geçdi

  • 15.12.2022 11:57
  • 18k+

Tesla we SpaceX kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyndaky birinji ýerini elden berdi. Forbes-iň we Bloomberg-iň hasaplamalaryna görä, indi dünýäde iň baý adam LVMH lýuks klasly harytlary öndürýän kompaniýanyň ýolbaşçysy Bernar Arnodyr diýip, BBC ýazýar.

Forbes-iň maglumatlaryna görä, häzir Maskyň baýlygy 178 mlrd dollardyr. Ol Tesla elektromobillerini öndürýän kompaniýanyň 14%-ne eýelik edýär, şeýle-de ol oktýabr aýynda 44 mlrd dollara Twitter sosial toruny satyn aldy.
Arnonyň jemi baýlygy 188 mlrd dollardyr.
LVMH - zynatly närseleriň önümçiligi bilen meşgullanýan fransuz konglomeraty. Kompaniýa 1987-nji ýylda Louis Vuitton modalar öýüniň we Moet Hennessy kompaniýasynyň goşulyşmagy netijesinde esaslandyryldy. Şu günki gün LVMH 75 sany lýuks brendlerini özünde birleşdirýär. Telekeçilik işini  Arnonyň maşgalasy dolandyrýar.
"Twitter"-i satyn almak bilen utgaşan köp sanly  dawa-jenjelleriň we kazyýet arzalarynyň fonunda Teslanyň bahasynyň peselendigini bellemek gerek. Ondan hem başga, sosial tory satyn almakçy bolup Mask ulag öndürijiniň milliardlarça dollarlap paýnamalaryny satdy. Üstesine, inwestorlar ykdysadyýetdäki umumy pese düşüşligiň we karzlaryň bahasynyň ýokarlanmagynyň fonunda Tesla  elektromobillerine islegiň peselmeginden ätiýaç edýärler. Şeýle-de, Tesla kemçilik sebäpli özüniň käbir awtoulaglaryny yzyna çagyrmaga-da mejbur boldy.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......