2023-nji ýylda Ford Fiesta-nyň önümçiligi bes ediler

  • 14.12.2022 16:39
  • 7.9k+

Ford Fiesta bilen Focus — brendiň iki sany esasy modeli. Ilkinji gezek 1976-njy we 1998-nji ýyllarda çykarylan, degişlilikde, Fiesta bilen Focus hakyky bestsellere öwrülipdiler.

46 ýylyň içinde ýedi nesil çykaran Fiesta-nyň 22 mln sanysy satyldy. Bu Escort-dan we Ford F-Series pikapyndan soň modeli satylyşy boýunça üçünji ýerde goýýar. Focus dünýä möçberindäki awtoulag hökmünde döredildi we ähli yklymlarda şowly satyldy.
Ýöne gazanylan bu üstünlige garamazdan, Ford bu modelleriň mirasdüşerlerini goýbermezligi karar etdi. Şeýlelik bilen, Ford häzirki nesli olaryň ömür öwrüminiň ahyryna çenli - 2023-nji ýyla çenli Fiesta-ny we 2025-nji ýyla çenli Focus-y goýberer.
Brendiň bestsellerleriniň mirasdüşerleri bolmaz.
Şeýle-de Ford olaryň elektriki wersiýalaryny işläp taýýarlamagy meýilleşdirmeýär: "Fiesta-nyň ýa-da Focus-yň elektrik hereketlendirijili görnüşini goýbermek niýetimizde ýok. Bazar üýtgeýär, sedanlaryň we uniwersallaryň döwri hem geçdi".


19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

05.06.2026 15:49
4.7k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 17:27
3.3k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

09.05.2026 09:12
2.2k+

Ford Mustang Cobra Jet 2200 elektromobilleriň tizlik rekordyny täzeledi

Ford Motor Company tarapyndan öndürilen Ford Mustang Cobra Jet 2200 drag-reýsing ýaryşlarynda elektrik awtoulaglarynyň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy....