Xiaomi täze nauşnigini, sagady we simsiz kolonkany tanyşdyrdy

  • 13.12.2022 17:06
  • 10k+

Xiaomi Buds 4 
Xiaomi kompaniýasy  Xiaomi Buds 4 TWS-gulaklygyny çykardy. Onuň galmagaly basyjy işjeň ulgamy bar we şu ýylyň awgust aýynda satuwa çykan Buds 4 Pro modeliniň kesilip gysgaldylan görnüşi ýaly. 
Xiaomi Buds 4 - silikon ambuşýursyz oturdylýan dykylar. Her gulaklyga aktiw galmagal basyjynyň işini we sesli aragatnaşygy üpjün edýän mikrofonlar goýlan. Ses, hili peselmezden, doly, dury çykýar we audioformat saklanýar (şol sanda LHDC 5.0). Bir gezek zarýad alandan soň 6 sagatlap, zarýad keýsi ulanylanda bolsa 30 sagada çenli awtonom işläp bilýär. Gulaklyklary birbada iki gurluşa birikdirip bolýar.  

Xiaomi Watch S2

Xiaomi Watch S2 sagady iki görnüşde - 42 we 46 mm - hödürlendi. Birinjisi 1,32 dýum diagonally, ikinjisi - 1,43 dýumlyk. Matrisasynyň tipi - AMOLED, razreşeniýesi 466x466 piksel. Korpusy poslamaýan polatdan edilen, ekrany ýakyt çüýşe bilen goralan, ATM 5 standarty boýunça suwdan gorag göz öňünde tutulan.
Sagat ganyň basyşyny, gandaky kislorodyň mukdaryny, şeýle hem bedendäki ýagyň, süňkleriň we etiň göterimini  ölçäp bilýär. GPS, NFC we Bluetooth 5.2 modullary oturdylan, mikrofon we dinamika arkaly   Xiaomi Watch S2-ni sesli gepleşmek üçin ulanyp bolýar. Zarýady bir - bir ýarym hepdä ýetýär.

Xiaomi Sound Pro


Simsiz  Xiaomi Sound Pro kolonkasy 4 dinamikadan ybarat ulgam bilen enjamlaşdyrylan, olar sesiň doly çykmagyny üpjün edýärler (şol sanda korpusyň aşakky böleginde sabwufer). Korpusynyň ýokarky bölegi yşyk berijili ýarym dury, ol ýeňiljek depginli sazy wizuallaşdyrýar. Kolonka sesiň çeşmesine Bluetooth-yň ýa-da audiokabeliň kömegi bilen birikdirilýär, SBC we AAC kodeklerini göterýär.


17.06.2026 11:15
2.9k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

16.05.2026 16:22
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny anons etdi

Xiaomi kompaniýasy açyk görnüşli ilkinji simsiz klipsa gulaklyklary bolan «Open-Ear Clip-on» modelini tanyşdyrdy. Anons kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbin tarapyndan edildi, ýöne häzirlikçe bu barada giňişleýin......