Dekabrda Sankt-Peterburgda GDA-nyň Liderleriniň resmi däl sammiti geçer

  • 11.12.2022 12:39
  • 13k+

Kremlde GDA döwletleriniň Liderleriniň resmi däl duşuşygynyň geçiriljekdigi barada habar berdiler. Duşuşygy dekabr aýynyň ahyrynda Snakt-Peterburgda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, penşenbe güni RF-niň prezidentiniň halkara işleri boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde habar berdi.

GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň resmi däl mejlisi gurama agza döwletleriň iň bolmanda biriniň başlangyjy bilen çagyrylýar we başlangyç bilen çykyş eden döwletiň hödürlän formatynda geçirilýär. Mejlise gatnaşyjylaryň teklipleri we islegleri hem nazara alynýar.
GDA-nyň Baştutanlarynyň şu görnüşdäki duşuşyklary 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär, adatça, onuň resmi gün tertibi bolmaýar. Sammitiň çäklerinde Arkalaşygyň döwletleriniň Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn duşuşyklary geçirilýär.


düýn 23:05
478

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......