Gyzyl deňizde uly ada dynç alyş merkezi gurlar

  • 11.12.2022 12:24
  • 15k+

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet ben Salman al Saud 2024-nji ýyla çenli Neom innowasiýa şäheriniň gurluşygynyň taslamasynyň çäklerinde Sindala adasynda dynç alyş merkezini döretmek meýilnamasy barada mälim etdi. Bu barada “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna salgylanyp, bigasia.ru habar berýär.

“Sindala Neomyň çäginde ilkinji dynç alyş merkezi we Gyzyl deňizde ýahta syýahatçylygynyň merkezi bolar” – diýip, mirasdüşer şazada belledi. Ol bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň “Vision-2030” maksatnamasynyň çäklerinde patyşalykda syýahatçylyk pudagynyň ösmegine ýardam etjekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Teleýaýlymyň habar bermegine görä, 840 müň inedördül metr meýdany bolan Sindala adasynda 86 duralga ýeri bolan gämi duralgasyny, şeýle-de suwa düşülýän kenarlary, ýahta klublary, premium otaglary bolan myhmanhanalary we apart-otelleri gurmak meýilleşdirilýär. Barly myhmanlara golf oýnamak üçin meýdançalar we restoranlarda deňze çykýan görnüş bilen aýratyn menýu hödürlener. Täze dynç alyş merkezi 3500 adamy iş bilen üpjün eder.
Neom Müsür we Iordaniýa bilen serhet zolagynda, Gyzyl deňziň kenaryndaky Tabuk welaýatynda 26,5 müň inedördül kilometr meýdanda gurulýan megapolisdir. Dörediljekdigi barada 2017-nji ýylda yglan edilen innowasiýa şäheri diňe Gün we ýel energiýalaryny ulanar. Bu taslama dünýäde nebitiň bahasynyň düýpli peselmeginiň esasynda 2016-njy ýylda kabul edilen “Vision-2030” strategiki maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Onuň esasy maksatlarynyň biri Saud Arabystanynyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakdan we çig mal däl pudaklary ösdürmekden ybarat.


05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.9k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3.1k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......