Beýik Britaniýada Karl III-iň portreti bilen ilkinji teňňeler dolanyşyga girdi

  • 10.12.2022 17:31
  • 8.5k+

Beýik Britaniýanyň poçta bölümleri patyşa Karl III-iň portreti bilen 50 pens bahaly teňňeleri alyp başladylar, ol ýerde şeýle teňňelerden 4,9 mln sanysy kabul ediler diýip, Beýik Britaniýanyň Patyşalyk zikgehanasy habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär.

Teňňäniň ýüzünde ýerleşdirilen patyşa Karl III-iň portreti heýkeltaraş Martin Jennings tarapyndan döredildi, bu portret ilkinji gezek sentýabr aýynyň ahyrynda görkezildi. Teňňede monarhyň ýüzi Beýik Britaniýadaky kabul edilen däbe laýyklykda çep tarapa, ýagny özünden öňkä garşy tarapa öwrülýär.
Teňňäniň ýüz tarapynda Birleşen Korollygyň düzümine girýän dört halkyň gerb galkanlary we nyşanlary şekillendirilen. Ilkibaşda jemi 9,6 mln täze teňňe dolanyşyga goýberiler. Şol bir wagtyň özünde häzirki wagtda dolanyşykda bolan şa aýaly Ýelizaweta II-niň portreti bilen 27 mlrd töweregi teňňe kanuny taýdan töleg serişdesi bolmagynda galýar.
“Le Figaro” Karl III-iň portreti bilen ilkinji banknotlaryň 2024-nji ýylyň ortalarynda dolanyşyga çykjakdygyny belleýär.


11.05.2026 15:25
1.3k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.3k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
924

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......

29.04.2026 12:09
2.9k+

Isleg barka, çäk ýok: Riçard Waýthed protez bilen marafonda dünýä rekordyny döwdi

Britaniýaly türgen we iki gezek paralimpiýa çempiony Riçard Waýthed iki aýagy hem amputirlenen türgenleriň arasynda marafonda täze dünýä rekordyny goýdy. London marafonynda ol aralygy 2 sagat 40 minut 25......