Türkmenistanyň Baş prokuraturasy parahorluk we döwlete zyýan ýetirme ýagdaýlaryny ýüze çykardy

  • 09.12.2022 08:28
  • 98k+

8-nji dekabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Baş prokuror S.Mälikgulyýew döwlet Baştutanynyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň galla kärhanalarynyň işi, şeýle-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, galla kärhanalarynda käbir ýolbaşçylar we işgärler wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýygnalan bugdaý hasylyny bikanun eýeläp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdirler.
Geçirilen deslapky derňew işlerinde “Balkangallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Balkanabat galla önümleri kärhanasynyň direktory wezipesinde köp ýyllaryň dowamynda işlän J.Hojaýewiň wezipe ygtyýarlyklaryny gulluk bähbitleriniň garşysyna hyýanatçylykly peýdalanyp, kärhananyň däne saklaýjy bölüminiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji wezipesinde işlän E.Baýjanow bilen döwletiň emlägini ogurlamak barada deslapdan dilleşip, özleriniň jogapkärçiligindäki galla önümlerini hiç bir resminamasyz, bikanun kärhananyň degirmen bölümine geçirip, olardan un we kepek önümlerini öndürip, kärhananyň hasabyna girdeji etmän, bikanun satypdyrlar. Şeýlelikde, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetirilipdir.
Şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Ahalgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Bäherden galla önümleri kärhanasynyň däne saklaýjy bölüminiň müdiri wezipesinde işlän we şol bir wagtyň özünde kärhananyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren G.Sähedow wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, bugdaýy bikanun satyp, döwlete aýratyn uly möçberde zyýan ýetiripdir. Ol özüniň eden jenaýatyny ýaşyrmak üçin emele gelen azyklyk bugdaýyň ýetmezçiligini her aýdaky hasabatynda bar diýip ýalandan görkezip, resminamalara göz-görtele galp maglumatlary girizipdir.
Maglumatlar esasynda şol adamlar wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, ynanylan emlägiň eýelenmegi, harç edilmegi ýaly agyr netijelere getiren etmişler zerarly jenaýat jogapkärçiligine çekildiler. Olar kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl azatlykdan mahrum edildiler. Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň gazanan bikanun girdejileri, döwletiň emlägini eýelemekleri netijesinde ýetirilen zyýany ýerinde goýdurmak üçin olaryň haram ýol bilen gazanan serişdeleri, awtoulaglary, ýaşaýyş jaýlary gozgalmasyz edilip, döwletiň haýryna geçirildi.
Şeýle-de prokuratura edaralary tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň käbir ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para almaklary bilen baglanyşykly jenaýatçylykly etmişleri ýüze çykaryldy. Hususan-da, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow howa gatnawlarynyň sany çäkli bolan peteklerini müşderileriň adyna berkitmäge öz gulluk ýagdaýy bilen täsirini ýetirip bilýändiginden peýdalanyp, tanyşlary A.Mommadow we Ç.Meredow bilen deslapdan dilleşip, dürli daşarky howa gatnawy boýunça her bir petegi müşderiniň adyna berkidip berendigi üçin, şeýle hem dürli raýatlardan uly möçberde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para alypdyr.
Mundan başga-da, K.Kerimow wezipe borçlaryna laýyklykda, uçar peteklerini satyjylar tarapyndan satuwyň düzgünleriniň berjaý etmekleri boýunça işiň talabalaýyk alnyp barylmagyna borçly adam bolandygyna garamazdan, öz işine geleňsiz garap, gözegçiligi gowşadypdyr. Şeýlelikde, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň birinji derejeli awiapetekleriň satyjysy J.Goçgorgulyýewanyň raýat T.Artyknyýazow bilen bilelikde uçar petekleriniň döwlet bahasynyň üstüne para hökmünde pul alyp, agyr jenaýatyň amala aşyrylmagyna we raýatlaryň kanuny bähbitleriniň düýpli bozulmagyna ýol berlipdir.
Ýokarda beýan edilen maglumatlar esasynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň howa gatnawlarynyň Baş gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän K.Kerimow eden etmişleri üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 13 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Uçar peteklerini satýan bölümiň birinji derejeli satyjysy J.Goçgorgulyýewa wezipe ygtyýarlyklaryny hyýanatçylykly peýdalanyp, aýratyn uly möçberde para alandygy üçin, jenaýat jogapkärçiligine çekilip, kazyýetiň hökümi bilen 8 ýyl 3 aý azatlykdan mahrum edildi.
Şeýle hem jenaýatçylara şärik bolan we jenaýat jogapkärçiligine çekilen raýatlar A.Mommadow we Ç.Meredow kazyýetiň hökümi bilen 12 ýyl, T.Artyknyýazow bolsa 11 ýyl azatlykdan mahrum edildiler.
Şeýlelikde, aýyplanýanlaryň jenaýatçylykly ýol bilen gazanan bikanun girdejileri, kazyýetiň hökümi bilen, ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak we bikanun baýamagyň närsesi hökmünde döwletiň haýryna geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda döwletimiziň howpsuzlygyny, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny korrupsiýadan gelip çykýan howplardan goramak, jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda korrupsiýanyň gutarnykly ýok edilmegini gazanmak üçin maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde bu ugurdaky işleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik amala aşyrylýar. Çünki korrupsiýa döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini bökdeýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyna zyýan ýetirýär.
Şonuň üçin hem korrupsiýa baş goşup, döwletiň we halkyň emlägini ogurlaýan, döwletiň kanuny bähbitlerini düýpli bozýan şular ýaly parahor jenaýatkärlere kanun esasynda berk çäre görler. Olara hiç hili geçirimlilik bolmaz diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi. Eden jenaýaty bilinmez diýip hiç kim pikir etmesin. Bu ýagdaý hökman ýüze çykarylar we edilen etmiş üçin kanunyň öňünde jogap bermeli bolar diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we halkyň, döwletiň emlägini ogurlamaga, haramlyk bilen gazanç etmäge hiç kimiň hakynyň ýokdugyny nygtady.
Şunuň bilen birlikde, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga, olaryň netijelerini ýok etmäge gönükdirilen anyk çäreleri kesgitlemek boýunça zerur işleri geçirmek babatda görkezme berildi.


düýn 21:24
2.2k+

Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

7-nji ýanwarda daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 21:20
1.4k+

Türkmenistan we Pakistan 2026-njy ýylda ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlygy maslahatlaşdy

7-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi Farýal Legari bilen duşuşyp, 2026-njy ýylda bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy...

düýn 16:50
7.9k+

Donald Tramp Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen gutlady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Gutlag hatynyň tekstini TDH döwlet habarlar agentligi çap etdi. «Rojdestwo we Täze ýyl baýramyňyz gutly bolsun...

düýn 16:43
5.1k+

Türkmenistanyň Mejlisi möhletinden öň çykyp giden deputatlaryň ýerine saýlawlaryň senesini belledi

2026-njy ýy­lyň 29-njy mar­ty­nda, ýek­şen­be gü­nü­nde we­la­ýat­lar­da tä­ze dö­re­di­len et­rap­lar­da halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň möh­le­tin­den öň çy­kyp gi­den de­pu­tat­la­ry­nyň we we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň hem-de Ge­ňeş­le­riň çy­kyp gi­den ag­za­la­ry­nyň ýe­ri­ne saý­law­la­r geçiriler...