«Türkmenfilm» birleşigi «Ýiten top» 3D multfilminiň täze bölümini çykardy

  • 08.12.2022 12:53
  • 13k+

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Ýiten top» atly täze üç ölçegli multfilm önümçiliginiň ýene birini tamamlap, köpçülige hödürledi. Bu multfilm dört ýaşdan ýokary çagalara niýetlenip Mämmetjanyň başdan geçirmeleriniň 4-nji seriýasy bolup durýar. Bu barada turkmentv.gov.tm habar berýär.

Bilşimiz ýaly, Mämmetjan milli gahryman hökmünde dürli wakalaryň üsti bilen çagalara özüňi alyp barmagyň nusgalyk göreldesini görkezýär. Ine bu gezek hem her bir ýönekeý hadysalaryň aňyrsynda giň manylaryň bolşy ýaly Mämmetjan ýiten topy tapmagy bilen başlaýan waka duçar bolýar.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramçylygynyň öňi syrasynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynda ýaýlyma beriljek bu multfilm Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň döredijilik toparynyň baýramçylyk sowgady hökmünde halkymyza hödürlener. Röwşen Welmiýewiň režissýorlyk etmeginde taýýarlanan bu multfilme turkmentv.gov.tm hem-de aydym.com saýtlaryndan tomaşa edip bilersiňiz!

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......