Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygyny kabul etdi

  • 07.12.2022 16:06
  • 11k+

Şu gün, 7-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy hanym Sahiba Gafarowany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýola goýlan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler.
Şeýle hem saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen duşuşar, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş eder hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirer.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminama gol çekmek meýilleşdirildi.


düýn 22:20
3.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.6k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....