Hytaý eýýäm 2028-nji ýyla çenli Aýda baza gurmagy meýilleşdirýär

  • 07.12.2022 13:52
  • 20k+

ABŞ ahyrsoňy Artemis maksatnamasynyň birinji döwrüne girişýänçä we onuň çäklerinde 2025-nji ýylda astronawtlaryň Aýa dolanmagyna garaşylýarka, täze maglumatlara görä, Hytaý edil şol möhletiň içinde diýen ýaly Aýda baza gurmagy meýilleşdirýär.

Hytaýyň häzirki meýilnamalarynyň çäklerinde  biziň Ýeriň hemrasynda bazany eýýäm 2028-nji ýyla çenli döretmek meýilleşdirilýär. Ýöne munuň özi ony gurmaga has irräk başlamaly boljakdygyny aňladýar.
Stansiýa ýadro reaktory bilen işlär.

«Häzir biz Aý stansiýasynyň energiýa bolan uzakmöhletleýin talabyny kanagatlandyrmakda ýadro energiýasyny ulanýan täze ulgamy işläp taýýarlaýarys» — diýip, Hytaýyň Aýy öwrenmek maksatnamasynyň baş işläp taýýarlaýjysy Bu Weýžen aýtdy.

Hytaýyň Aý bazasynyň niçik boljagy entek anyk däl, desga adamlaryň ol ýerde näçe wagtlyk bolmagy üçin niýetlenen — ol barada-da hiç zat aýdylmaýar. Gürrüňiň gonuş moduly, haýsydyr bir bunker, lunohod we orbital stansiýa barada gidýändigi belli. 
Şeýle-de, owal şeýle bazany işledýän ýadro gurluşynyň kuwwaty 1 MWt-a çenli ýetip biljekdigi barada maglumat bolupdy. 
Öň ABŞ-da hem 2030-njy ýyla çenli Aýda ýadro gurluşynyň ýerleşdiriljekdigi barada aýdylýardy. Şeýlelik bilen, Aýy özleşdirmek boýunça ýaryşyň barha artýan depginini nazara alsaň, eýýäm ýene 10 ýyldan ol ýerde, hakykatdanam, heniz astronawtlaryň uzak wagtlyk ýaşamagy üçin niýetlenmedigem bolsa, iki bazanyň peýda bolmagy mümkin.


12.05.2026 07:19
15k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.5k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......