Portugaliýa dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Şweýsariýadan üstün çykdy

  • 07.12.2022 08:54
  • 15k+

Portugaliýanyň futbolçylary Katarda dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Şweýsariýadan uly hasap bilen üstün çykdylar.

Lusailde geçirilen duşuşyk 6:1 hasabynda tamamlandy. Portugaliýanyň düzüminde Gonsalu Ramuş üç gezek tapawutlandy (17-nji, 51-nji we 67-nji minutlar), Pepe (33), Rafael Gerreýru (55) we Rafael Leau (90+2) hersi bir goldan geçirdi. Şweýsariýadan Manuel Akanji ýeke-täk goly geçirdi (58).
Ramuş Katardaky çempionatda ilkinji het-trigiň awtory boldy. 21 ýaşly oýunçy duşuşygy esasy düzümde başlady, toparlaýyn tapgyrda ol iki gezek Ronaldunyň ornuna çykyp jemi 10 minut oýnapdy.
Ronaldu oýna 73-nji minutda girdi.
Çärýek finalda Portugaliýa 10-njy dekabrda Marokko bilen duşuşar.


şu gün 18:26
913

FIFA 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny $871 mln çenli artdyrdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň baýrak gaznasyny 15% artdyryp, tölegleriň umumy möçberini 871 million dollara ýetirmek barada çözgüt kabul etdi....

şu gün 11:46
3.2k+

Ýewropa we Konferensiýalar Ligasy: Emeriň emeli ýetmedi, Sarr oýlanmaga-da maý bermedi

Ýewropa Ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýunlarynda «Nottingem Forest» az-owlak tapawut bilen «Aston Willany» ýeňdi, Portugaliýanyň «Bragasy» bolsa soňky minutlarda Germaniýanyň «Fraýburgyna» aman diletdi.......

düýn 10:10
5.8k+

ÇL-iň 1/2 finalynda «Atletiko» — «Arsenal» duşuşygynyň ykbalyny iki penalti çözdi

«Atletiko» we «Arsenal» toparlarynyň UEFA Çempionlar ligasynyň ýarymfinal garşydaşlygynda birinji oýun 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Madridde geçirilen duşuşykda iki topar hem gollaryny penaltiden urmagy......

29.04.2026 09:59
6.6k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......