Serdar Berdimuhamedow amerikan işewürleriniň wekiliýetini kabul etdi

  • 06.12.2022 02:19
  • 8.4k+

5-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan – ABŞ» işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, «Nicklaus Companies»  kompaniýasynyň baş direktory Jon Rizi, «UGT Renewables» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we başlygy Goran Raýsiçi hem-de  «Climate Compass» kompaniýasynyň baş direktory Kewin Jeýmsi kabul etdi.

Myhmanlar nobatdaky türkmen-amerikan işewürler forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler.
Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşmagyň barşynda forumyň çäklerinde meýilleşdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň mundan beýläk-de netijeli gatnaşyk etmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
Şeýle hem Türkmenistan  bilen “Nicklaus Companies”  kompaniýasynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Bu kompaniýa Aşgabatda Golf-kluby gurmak boýunça iň oňat dünýä tejribesine esaslanan özboluşly taslamany amala aşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda işlemäge ýöriteleşen «UGT Renewables» kompaniýasynyň Işewürler geňeşine goşulmagyny goldady. Şeýle hem döwlet Baştutany Gün energetikasy ulgamynda kompaniýanyň uly tejribesiniň bardygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň onuň bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga açykdygyny belledi.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda nebitgaz pudagynda iri möçberli düzümleýin taslamalar amala aşyrylýar. Munuň özi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny, şol sanda «Climate Compass» kompaniýasy bilen hem ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär.
Işewürler mazmunly, giňişleýin gepleşikleriň geçirilendigi üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmagy hem-de täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy maksat edinýändiklerini ýene-de bir gezek tassykladylar.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......