Taryhda ilkinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýnuna zenan eminlik eder

  • 01.12.2022 16:12
  • 19k+

Fransiýaly Stefani Frappar futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji tapgyrynyň Germaniýa bilen Kosta-Rikanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýnuna bellendi we dünýä birinjiliginde esasy emin hökmünde işleýän ilkinji zenan bolar. Bu barada Halkara Futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Frapparyň eýýäm häzirki dünýä çempionatynda iş tejribesi bar. Öň, ol toparlaýyn tapgyryň birinji tapgyrynyň Polşa bilen Meksikanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýnunda (0:0) dördünji emin hökmünde çykyş etdi. Frappardan başga-da Katardaky dünýä çempionatynyň eminleriniň sanawynda iki zenan – ýaponiýaly Ýosimi Ýamasita we Ruandadan Salima Mukansanga bar.
Frappar 38 ýaşynda, ol Fransiýanyň çempionatynyň oýnuna, Milli kubogyň finalyna we Çempionlar ligasyna bellenen ilkinji zenan emin boldy we 2019-njy ýylda UEFA-nyň Super kubogy üçin Angliýanyň “Çelsi” we “Liwerpul” toparlarynyň arasyndaky oýunda baş emin wezipesini ýerine ýetirdi. Dekabr aýynda Halkara Futbol taryhy we Statistika federasiýasy (IFFHS) ony dünýä futbolynyň iň gowy zenan eminleriniň sanawynda birinji orunda goýdy.
E toparçasynda Germaniýa bilen Kosta-Rikanyň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk 1-nji dekabrda El-Haurdaky “El-Baýt” stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 0:00-da başlar.


şu gün 13:51
2.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......