DÇ-2022: A topardan Niderlandlar we Senegal pleý-off tapgyryna çykdy

  • 30.11.2022 00:44
  • 4.5k+

Niderlandlar hem-de Senegal Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final tapgyryna çykdylar.

Sişenbe güni toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda Niderlandlar Kataryň milli ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. 26-njy minutda Kodi Gakpo, 49-njy minutda Frenki de Ýong gol geçirdi.

Ugurdaş duşuşykda Senegal Ekwadordan 2:1 hasabynda üstün çykdy. 44-nji minutda Ismail Sarr 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi. 68-nji minutda bolsa, ekwadorly Moýses Kaýsedo hasaby deňledi. Emma iki minut soňra Kalidu Kulibali Senagalyň ýeňiş goluny geçirdi.
Şeýlelikde, A topardan Niderlandlar 7 utuk toplap, birinji ýerden pleý-off tapgyryna çykdy. Senegal 6 utuk bilen toparyndan 2-nji bolup çykdy.
Ekwador (4 utuk) we Katar (0) ýaryşy terk edýär.
Pleý-off duşuşyklary 3-nji dekabrda başlanýar. Fransiýa, Braziliýa we Portugaliýa eýýäm ikinji tapgyrdan soň, pleý-off tapgyryna çykmaklaryny üpjün etdiler.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......