Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

  • 29.11.2022 08:48
  • 6.7k+

28-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Sultan Raýewi bu jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlap, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyny bellemek hem-de 2024-nji ýylda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly meselelere deglip geçildi.
Serdar Berdimuhamedow we myhman duşuşygyň ahyrynda TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna, sebit we ählumumy derejede netijeli medeni gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.


şu gün 07:51
278

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.2k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
864

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......