Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasyna bardy

  • 28.11.2022 09:03
  • 15k+

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Koreýa Respublikasyna ugramazdan öň, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen söhbetdeş boldy.
Koreýa Respublikasynyň Seul şäheriniň Halkara howa menzilinde Halk Maslahatynyň Başlygyny Türkmenistan — Koreýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Söhbetdeşler türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça döredilen Türkmen-koreý işewürlik geňeşiniň hem-de Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň işiniň uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredýändigini nygtadylar.
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, bu ýerde sapar mahalynda özi üçin niýetlenen Seulyň Lotte myhmanhanasyndaky kabulhanasyna tarap ugrady.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti we bu dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Diwanynyň Baş sekretary bilen duşuşar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama, şeýle-de iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler.


düýn 22:17
1.6k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2.2k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....