HBS: Samsung Galaxy S23 hemra aragatnaşygyna eýe bolar

  • 28.11.2022 08:46
  • 14k+

Samsung-yň  Galaxy S23 flagman seriýasynyň smartfonlary hemra aragatnaşygyna birikmek funksiýasyna eýe bolar. Bu barada Etnews koreý neşiri habar berdi. iPhone 14-den tapawutlylykda, Galaxy S23-däki hemra aragatnaşygy maglumatlary diňe bir gyssagly ýagdaýda geçirmäge mümkinçilik bermän, "tekstli habarlary we şekilleri ýüzlerçe Kbit/s tizlikde" geçirýär.

Samsung funksiýany işe girizmäge soňky iki ýyl taýýarlyk gördi. Tehnologiki hyzmatdaşy bolup, megerem, pes Ýere golaý orbitada 66 satelliti dolandyrýan Iridium hemra aragatnaşyk operatory çykyş etse gerek. Ulgam maglumatlary bermegiň tizligini 176-704 Kbit/s diapazonda  üpjün etmäge ukyplydyr. Samsung Android-däki smartfona hemra birikdirmesini goşan birinji öndüriji däldir. Huawei-iň Mate 50 seriýasy gyssagly ýagdaýlarda Beidou-3-iň hemralary arkaly gysga habarlary geçirmäge ukyplydyr. HBS-niň maglumatlaryna görä, Galaxy S23-iň tanyşdyrylyşy fewral aýynyň birinji hepdesinde geçer.


25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

15.06.2026 07:51
2.2k+

Insaýder Samsung-yň geljekki eplenýän smartfonlarynyň maketlerini görkezdi

«Ice Universe» insaýderi Samsung-yň geljekki «Galaxy Z Flip 8», «Galaxy Z Fold 8» we «Galaxy Z Fold 8 Ultra» eplenýän smartfonlarynyň maketleri şekillendirilen suraty çap etdi....

23.05.2026 10:37
4.5k+

Apple iPhone 18 Pro-nyň displeýleriniň önümçiligini Samsung bilen LG-ä ynanar

Apple kompaniýasy iPhone 18 Pro hatary üçin üpjünçilik zynjyryny jemlemegiň üstünde işleýär. Pudaklaýyn çeşmeleriň maglumatyna görä, kompaniýa şu aýyň dowamynda iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max modelleri......

21.05.2026 16:26
1.6k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......